Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Geňeşleriň agzalarynyň we aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Geňeşleriň agzalarynyň we aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi
Çap edildi 16.08.2015
1202

Aşgabat,16-njy awgust (TDH). Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Geňeşleriň agzalarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Giň bäsleşlik esasynda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçen saýlawlar tutuş jemgyýetimiziň ýokary raýatlyk işjeňligini, ruhy galkynyşy alamatlandyrdy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi äşgär boldy. Mälim bolşy ýaly, bu gezekki saýlawlara örän uly taýýarlyk işleri geçirildi. Aýratyn-da, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärligine 13 müň 528 adam bellige alyndy. Olar ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriň, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan hödürlendi. Ýurdumyzyň etraplardaky şäherleriniň, şäherçeleriniň, geňeşlikleriniň çäklerinde 6 müň 41 saýlaw okrugy we 1828 saýlaw uçastogy döredildi. Dalaşgärleri hödürlemek işi ilatyň ýokary raýatlyk işjeňliginde geçdi. Ýerlerde örän uly köpsanly guramaçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny bellemeli. Saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe adam hödürlendi. Munuň özi saýlawlaryň bäsleşik ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň çäklerinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolup durýan Geňeşleriň agzalygyna, şeýle hem milli parlamentde öz okruglaryna wekilçilik etmäge uly hormatdan we ildeşleriniň ynamyndan peýdalanýan mynasyp adamlar dalaş etdiler. Olaryň hatarynda oba zähmetkeşleri, döwlet edaralarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň öňdebaryjy hünärmenleri, ykdysady, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş pudaklarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, birleşmeleriniň işjeň agzalary bar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň konstitusion hukugyny berjaý edip, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleriň birine öz sesini berdi. Şu gün Türkmenistanyň ähli saýlaw uçastoklarynda ýokary galkynyş we dabaraly ýagdaý emele geldi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki saýlaw uçastoklaryň özündäki meýdançalarynda aýdym-sazly çykyşlar guraldy, göçme söwda bölümleri döredildi. Aýratyn-da bu gün ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylar üçin has-da täsirli boldy. Saýlaw uçastoklarynda olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň hemmesi bir wagtda açyldy. Olaryň 328-si Ahal, 154-si Balkan, 432-si Daşoguz, 428-si Lebap we 486-sy Mary welaýatlarynda döredildi. Ähli uçastok saýlaw toparlary tarapyndan Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň 2 million 214 müňden gowragy hasaba alyndy. Türkmenistanyň Mejlsiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynda saýlawçylaryň 51 müň 705-si hasaba alyndy. Ähli saýlaw uçastoklarynda saýlawyň geçişine milli synçylar doly syn etdiler. Olaryň netijelerine görä, Geňeşleriň agzalarynyň we iki saýlaw okrugy boýunça milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlary bäsleşik we demokratik esasda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukuklarynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk geldi. Aýratyn-da, günüň biirinji ýarmynda ses bermek işjeň dowam etdi. Şunlukda, günüň birinji ýarymynda saýlawçylaryň 50 göterimden gowragy özleriniň konstitusion hukuklaryny berjaý etdiler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi oparyň maglumatlary görä, sagat 19-a çenli, ýagny saýlaw uçastoklary ýapylýança Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 92,88 göterimi, milli parlamentiň deputatlaryna saýlawçylaryň 91,96 göterimi gatnaşdy. Merkezi saýlaw toparyň maglumatlaryna laýyklykda Geňeşleriň agzalarynyň we iki saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny geçdi diýip hasaplamak bolýar. Milli kanunçylygyň düzgünnamalaryna laýyklykda ses bermegiň netijeleri ýakyn wagtda aýan ediler. Saýlaw uçastoklarynyň ýapylmagy bilen, sesleri sanamak işine girişiler. Onuň barşyna milli synçylar syn ederler.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow