03.09
2015
Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty kabul etdi.
02.09
2015
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
02.09
2015
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Jenap Prezident!
02.09
2015
Aşgabat, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ralf Andreas Breti kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
01.09
2015
Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda IIM-niň Çagalar awtomobil şäherjigi ýaşlar üçin öz gapylaryny giňden açdy. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, şu gün badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Açylyş dabarasyna awtomobil sportunyň muşdaklary, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, hormatly ýaşulular we ýaşlar, şeýle hem bu ýerde ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenjek, awtomobil şäherjiginiň ýaş eýeleri bolan köpsanly çagalar gatnaşdylar.
01.09
2015
Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.
01.09
2015
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri öz hatlarynda döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynda geçirýän özgertmeleriniň bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga, okatmagyň innowasion usullaryny giňden ornaşdyrmaga, tutanýerli zähmeti bilen eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjek zehinli ýaşlary kemala getirmäge gönükdirilendigini belleýärler.
01.09
2015
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!
Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!
01.09
2015
Aşgabat, 1-nji sentýabr (TDH). Şu gün, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bilim ulgamynyň täze desgalarynyň we beýleki käbir desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
01.09
2015
Türkmen wekiliýetiniň wekiline şu günler Nýu-Ýork şäherinde (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilýän Parlamentiň Baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatynyň münberinden çykyş etmek mümkinçiliginiň berilmegi Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde barha ýokarlanýan ornunyň, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda gender deňligi babatda netijeli syýasaty durmuşa geçirýän täze garaýyşly lider hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belent halkara abraýynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.