Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenabatda köpugurly welaýat hassahanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumly lukmançylyk şäherjigi gurulýar
Jemgyýet
Türkmenabatda köpugurly welaýat hassahanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumly lukmançylyk şäherjigi gurulýar
Çap edildi 21.12.2016
1952

Täze lukmançylyk şäherjigi – 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde bina edilýär. Bu ýerde gurluşyk-gurnama işleri esasan tamamlandy hem-de içki we daşky timarlaýyş işlerine girişildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, gurulýan lukmançylyk toplumyny “Nahal” hojalyk jemgyýeti bina edýär, onuň düzümine köpsanly lukmançylyk desgalary, inženerçilik ulgamlary we kommunikasiýalar, özbaşdak suw, ýylylyk we energiýa üpjünçilik ulgamy girýär. 4 gatly üç sany esasy bejeriş binalarynyň biriniň öň tarapy eýýäm ak mermere örtüldi. Timarlaýyş işlerinde häzirkizaman gurluşyk serişdeleri we gurnamalary, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda Lebap welaýatyna bolan iş sapary mahalynda lukmançylyk şäherjiginiň golaýynda lukmançylyk işgärleri üçin häzirkizaman ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berdi. Häzirki wagtda bejeriş binalary bilen bir hatarda 200 maşgala niýetlenen saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde ähli amatlyklary bolan giň üç we 4 otagly öýleri, şeýle hem durmuş hem-de sport maksatly desgalar göz öňünde tutulan 4 gatly jaýlaryň altysy peýda bolar. Lukmançylyk şäherjigini 2017-nji ýylyň ahyryna çenli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösdürilýändiginiň ýene bir subutnamasy bolar. 2008-2016-njy ýyllarda Lebap welaýatynda häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we sagaldyş merkezleriniň 46-sy gurlup ulanmaga berildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow