16.01 2017
Hormatly Prezidentimiz Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işleýji we polietilen we polipropilen öndüriji gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Toplumyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyza 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga bermek maksat edinilýän kärhananyň tehnologik häsiýetnamalary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, gurnama işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz toplumyň birnäçe onümçilik desgalaryny we enjamlaryny gözden geçirdi.
16.01 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrabynyň garabogaz şäherinde gurulýan karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gurulýan kärhananyň esasy bölümlerini gözden geçirdi, taslamanyň buýrujysynyň we potratçysynyň wekilleri bilen duşuşdy, desganyň maliýeleşdirilişi, enjamlary getirmegiň hem-de gurluşyk işleriniň möhletleriniň berjaý edilişi, geljekde karbamid dökünlerini eksporta ibermek meseleleri bilen gyzyklandy.
15.01 2017
Size baýramçylyk gutlaglarymy ýollaýaryn we Täze, 2017-nji ýylda ähli gowulyklary arzuw edýärin.
15.01 2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Süleýman Durdyýewiç Durdyýew “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
15.01 2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
15.01 2017
Sport baradaky döwlet komitetinde Sportuň gyşky görnüşleri milli merkeziniň nobatdan daşary maslahaty boldy. Onda bu guramanyň täze ýolbaşçylyk düzümi saýlandy.
13.01 2017
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun!
13.01 2017
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýylda beýik işleri, bagt hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
13.01 2017
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Bagtyýar baýramçylyklary we üstünlikli Täze ýyly arzuw edýärin!
13.01 2017
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň söwda ulgamyny kämilleşdirmek, içerki bazarlarda haryt bolçulygyny artdyrmak hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle hem “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň degişli bazarlaryny bellenen tertipde Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiklerine satmak tabşyryldy.
1528 sahypa
Soňky habarlar
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar