02.02
2017
2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda sagat 10-da Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Süleýmannepes Nurnepesow bilen duşuşygy bolar.
02.02
2017
2-nji fewralda Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça öňünden ses berilmegi başlandy.
02.02
2017
Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-- Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy S.Jelilowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, zähmetkeş toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar ýygnandylar. Şeýle hem duşuşyga Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk baradaky guramanyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin türkmen paýtagtyna geldiler.
02.02
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şöhrat Hanmämmedowiç Maşadow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
02.02
2017
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň hoşmeýilliligiňiz üçin hoşallyk bildirip, men Size Täze ýylda iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
02.02
2017
Daşoguz şäherinde maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin dabaraly ýagdaýda ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy.
01.02
2017
2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň ýurdumyzyň durmuşynda ily taryhy wakalaryň döwrüne öwrüljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýedigini kesgitledi.
01.02
2017
Şu gün türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi öz işine başlady.
01.02
2017
Türkmenistan gaz görnüşli uglewodorod serişdeleri boýunça iň baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Munuň bilen bir wagtda hem alymlar ýurdumyzyň düzlük meýdanlarynda, şeýle hem Günbatar-Türkmen dag çöketliginiň çäklerinde geçirilýän geologiýa, geofizika we buraw barlaglary netijesinde gazyň we gaz kondensatynyň gorlarynyň düýpli bilelikde ösdüriljekdigine ynanýarlar.
01.02
2017
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň agzalary bilen duşuşyk boldy. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin paýtagtymyza geldiler.