Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli ykdysadyýetiň ýanwar aýynda ýeten sepgitleriniň netijeleri jemlenildi
Syýasy habarlar
Milli ykdysadyýetiň ýanwar aýynda ýeten sepgitleriniň netijeleri jemlenildi
Çap edildi 07.02.2017
1357

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, taryhy waka - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenme bilen çykyş etdi. Watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul edilen Rezolýusiýa Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň umumyadamzat ähmiýetiniň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklandygyny belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bu şanly wakadan gelip çykýan tabşyryklary yglan etdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy esasynda halkara maslahatyny taýýarlamak we geçirmek tabşyryldy. Bu resminamada bellenip geçilişi ýaly, milli bitaraplyk syýasaty degişli sebitlerde halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmäge ýardam edip biler. Ählumumy derejede hem dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeläp biler. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň 2016-njy ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň gutarnykly netijeleri yglan edildi: jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny, şol sanda senagatda—1,1 göterime, gurluşykda—4,3 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda—10,7 göterime, söwdada—14,1 göterime, oba hojalygynda 9,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda—10,4 göterime barabar bolandygyny habar berdi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça aýlyk iş haky 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9,2 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 2016-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 59,5 milliard manada deň boldy hem-de öňki ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 0,4 göterim boldy. Şu ýylyň ýanwar aýynda öndürilen önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,1 göterime barabar boldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli görkezijileri bilen deňeşdirilende 16,9 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde saklanyldy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow