27.03
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, taryhy wakalara görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
27.03
2017
Türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
27.03
2017
Köpetdag ulgamynyň Duşakerekdag (2482 m.) gerşine ylgaw ýaryşy bilen skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Ine, eýýäm üçünji ýyl alpinizmiň bu gyzykly görnüşi boýunça Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilýän Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş “Agama” we “Mert” alpinistler klublarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimliginiň ýardam bermegi bilen geçirilýär.
27.03
2017
Almaty şäherinde (Gazagystan) gylyçlaşmak boýunça “Alatau gylyçlary” atly halkara ýaryşyna badalga berildi. Ol ýerde ildeşlerimiz “Rapira” görnüşinde (ýeňil türgenleşik ýaragy) altyn we iki bürünç medal gazanmagy başardylar.
27.03
2017
“Budapest Spring Festiwal” atly küşt boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üç baýraga – iki altyn we kümüş medallara mynasyp boldular. Bu her ýyl geçirilýän ýaryşa 40 ýurtdan 140-a golaý küştçi gatnaşdy. Olar şweýsar ýaryş usuly boýunça dokuz tapgyryň dowamynda öz aralarynda bäsleşdiler.
27.03
2017
Latwiýanyň paýtagty Rigada geçen iri halkara ýaryşynda kikboksingçi ussatlarymyz hem ajaýyp üstünlik gazandylar. Bu ýaryşda türkmen türgenleri “Full-kontakt” görnüşi boýunça umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler hem-de bu görnüşde altyn medallaryň dokuzysyny, kümüş medallaryň üçüsini we bürünç medallaryň birini gazandylar.
27.03
2017
Garyşyk başa-baş göreş boýunça Antaliýa (Türkiýe) şäherinde geçen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde sport ussady Şöhrat Allaýew örän gowy netije görkezdi. Dünýäniň 40 ýurdundan 1000-den gowrak türgeni özünde jemlän bu ýaryşda Söweş sungatlary milli federasiýasynyň (hanmudo) tälimçisi Ş.Allaýew dört gezek hormat münberine çykdy.
27.03
2017
Maldiw adalarynda 22-nji martda woleýbol boýunça Aziýanyň merkezi sebitiniň üçünji çempionatynyň oýunlary başlandy. Biziň toparymyz ýaryşyň final bölegine çykdy. Indi ildeşlerimiz bu abraýly ýaryşyň altyn medaly ugrunda göreşerler.
27.03
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň esasy agentlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda “tegelek stol” geçirildi.
27.03
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri jenap Karl Erýawesi kabul etdi.