Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanlylar garyşyk başa-baş göreş boýunça dünýä çempionatynda ýedi altyn medala eýe boldular
Sport
Türkmenistanlylar garyşyk başa-baş göreş boýunça dünýä çempionatynda ýedi altyn medala eýe boldular
Çap edildi 27.03.2017
2701

Garyşyk başa-baş göreş boýunça Antaliýa (Türkiýe) şäherinde geçen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde sport ussady Şöhrat Allaýew örän gowy netije görkezdi. Dünýäniň 40 ýurdundan 1000-den gowrak türgeni özünde jemlän bu ýaryşda Söweş sungatlary milli federasiýasynyň (hanmudo) tälimçisi Ş.Allaýew dört gezek hormat münberine çykdy. Ildeşimiz MMA-laýt görnüşi (ýeňilleşdirilen söweş görnüşi, bu görnüş boýunça ýaryşlara gatnaşmaga ýetginjeklere hem rugsat edilýär) boýunça, şeýle hem grepplingde (mälim bolan ähli göreş görnüşleriniň emellerini özünde jemleýän göreş görnüşi) altyn medallaryň ikisine mynasyp boldy. Bu ýaryşlaryň ikisinde hem Ş.Allaýew 65 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol ýene bir altyn medala nunçakly (gündogar söweş sungatlarynda sowuk ýaragyň bir görnüşi) emeller boýunça toplumlaýyn maşklaryň netijesinde mynasyp boldy. Ildeşimiz bürünç medaly bolsa nusgawy görnüşde görkezme çykyşlarynda eýelemegi başardy. “Greppling” görnüşinde tapawutlanan Şöhrat we Muhammet Orazgeldiýewler, Hajy Möwlamow we Ýunus Gurbanmyradow dagynyň hersi bir altyn medala mynasyp boldular. Olar MMA-laýt we MMA-full görnüşlerinde degişlilikde bir kümüş we üç bürünç medaly eýelediler. Bu görnüşlerde Guwanç Möwlamow iki gezek bürünç baýraga mynasyp boldy. Şeýlelikde, biziň pälwanlarymyzyň Türkiýede geçen dünýä çempionatynda çykyşlarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň üsti ýedi altyn, bir kümüş we bäş bürünç medal bilen ýetirildi. Ajaýyp üstünlik!

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow