Baş sahypa
\
Sport
\
Budapeştde geçirilen ýaryşda türkmen küştçileri iki altyn we bir kümüş medaly aldylar
Sport
Budapeştde geçirilen ýaryşda türkmen küştçileri iki altyn we bir kümüş medaly aldylar
Çap edildi 27.03.2017
2548

“Budapest Spring Festiwal” atly küşt boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üç baýraga – iki altyn we kümüş medallara mynasyp boldular. Bu her ýyl geçirilýän ýaryşa 40 ýurtdan 140-a golaý küştçi gatnaşdy. Olar şweýsar ýaryş usuly boýunça dokuz tapgyryň dowamynda öz aralarynda bäsleşdiler. “B” toparda mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplan sport ussatlygyna galaşgär Gurbangeldi Amangeldiýew altyn medala mynasyp boldy. Öz ildeşinden diňe sport koefisientleriniň gatnaşygynda yza galandygy sebäpli ikinji orny eýelän Hajygurban Döwletow hem edil şonça utuk toplady. “S” toparda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň mugallymy, sport ussatlygyna dalaşgär Wladimir Annaýew tapawutlandy. Ol bu paýhas bäsleşikleriniň dowamynda 8 utuk toplady. Ildeşimiz ýedi duşuşykda öz garşydaşlaryny utdy, iki duşuşygy bolsa deňlikde tamamlady. Küşt hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu toplumlaýyn oýunlaryň başlanmagyna 170 günden sähel gowrak wagt galdy. Häzirki wagtda milli ýygyndylarymyzyň erkekler we zenanlar düzümleri Türkmenistanyň taryhynda iň iri sport wakasyna gatnaşmaga güýçli taýýarlyk görýärler.

Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow