18.04
2017
Astanada döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň derejesi hakyndaky Konwensiýa Gazagystanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň nobatdaky Sammitinde gol çekiljekdigine ynam bildirdi.
18.04
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna geldi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Astananyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Gazagystanyň resmi wekildleri we ýurdumyzyň hökümet toparynyň agzalary garşyladylar.
17.04
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.
17.04
2017
18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlanýar, sapar türkmen Lideri tarapyndan özüniň gazagystanly kärdeşi Nursultan Nazarbaýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.
17.04
2017
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!
16.04
2017
Balkan welaýatynyň merkezindäki ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebinde iňlis-amerikan şaşkasy boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ýaryşa gelen şaşkaçylar diňe bir medallar ugrunda bäsleşmän, şu ýylyň iýun aýynda ABŞ-da geçjek dünýä çempionatynda çykyş etmeli milli ýygyndymyzyň esasy düzüminde agza bolmak üçin hem göreşdiler.
16.04
2017
Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda boks boýunça görkezme türgenleşikleri boldy, ony belli türgen bolan—Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen Olimpiada –2000-iň ýeňijisi, dünýä we Ýewropa çempiony, Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýak geçirdi. Ol ýakyn ýyllarda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 2020-nji ýylda geçriljek XXXII Bütindünýä tomusky oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça türkmen boksçylaryny türgenleşdirer.
16.04
2017
Aşgabat gün günden gözelleşýär. Paýtagtymyzyň täze binalary onuň Köpetdag gerişleri bilen ägirt uly Garagum çöllüginiň arasynda gül açýan ýerde ägirt uly şähere öwrülýändiginden habar berýär. Ýurdumyza gelýän köp sanly myhmanlar şäherimizi synlap, göz öňünde emele gelýän gözel görnüşlere haýran galýarlar.
16.04
2017
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň ýanynda halk çeper döredijiligi boýunça bilermen topary döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy; şeýle hem Çeper döredijiligiň halk ussasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
15.04
2017
Aşgabatda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda halkara çärelerini geçirmek baradaky Guramaçylyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.