Baş sahypa
\
Sport
\
Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýak türkmen boksçylary bilen görkezme türgenleşigini geçirdi
Sport
Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýak türkmen boksçylary bilen görkezme türgenleşigini geçirdi
Çap edildi 16.04.2017
3150

Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda boks boýunça görkezme türgenleşikleri boldy, ony belli türgen bolan—Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen Olimpiada –2000-iň ýeňijisi, dünýä we Ýewropa çempiony, Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýak geçirdi. Ol ýakyn ýyllarda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 2020-nji ýylda geçriljek XXXII Bütindünýä tomusky oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça türkmen boksçylaryny türgenleşdirer. Göreş, guşakly göreş, sambo we jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatlary geçirilen giň zalda paýtagtymyzyň dürli merkezleriniň türgenleri, şeýle hem Sport baradaky döwlet komitetiniň we Milli boks federasiýasynyň wekilleri ýygnandylar. Türgenleşikleriň bardynda A.Lebzýak boksçylaryň hereketlerini utgaşdyrdy, hüjüm geçirmegiň hem-de goranmagyň netijeli usullaryny görkezdi. Türgenleşik tamamlandan soň, myhman TDH-nyň habarçysy bilen öz pikirini paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, ozaly bilen, sportuň bu görnüşiniň usulyna we tehnikasyna ünsi jemlemeli, çünki türkmen türgenleriniň beden taýdan taýýarlyk derejesi ýokary. Bu ugruň geljegi uludyr—diýip, ençeme ýyllaryň dowamynda boks boýunça türkmen tälimçileri bilen dostluk gatnaşyklaryny saklaýan hem-de çempionlary, şol sanda olimpiýa derejeli çempionlary taýýarlamak üçin biziň ähli mümkinçiliklerimiziň we şertlerimiziň bardygyny bilýän Aleksandr Borisowiç aýtdy. “Bize indi yza çekilmäge mümkinçilik ýok!” diýip, rus tälimçisi söhbetdeşligi jemleýär. A.Lebzýagyň türgenleşik başarnygyna onuň Höwesjeň boks boýunça halkara assosiasiýasynyň hasaplamagyna görä 2015-nji ýylda dünýäniň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edilmegi hem şaýatlyk edýär. Şeýle hem bu tälimçi uzak wagtyň dowamynda Russiýanyň ýygyndy toparyna hem-de Goşunyň merkezi sport toparyna ýolbaşçylyk etdi. Özüniň tälimçilik işiniň dowamynda (2001-nji ýyldan bäri) ol iki gezek olimpiýa çempiony Alekseý Tişenko, 2008-nji ýyldy Pekinde geçirilen tomusky olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi Rahym Çahkiýew, dünýäniň iki gezek çempiony we dünýä Kubogynyň eýesi Matweý Korobow, olimpiýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän Sofýa Oçigawa we Anastasiýa Belýakowa ýaly belli türgenleri ýetişdirdi. Iýun aýynda Aşgabatda erkekleriň arasynda boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler, onuň netijeleri boýunça 25-nji awgust – 3-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin milli ýygyndy topar düzüler. Iň gowylary saýlap almak wezipesi Aleksandr Lebzýagyň üstüne ýükleniler. Häzirki wagtda biziň boksçylarymyz 29-njy aprel—7-nji maý aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilmegi göz öňünde tutulýan Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler. Şondan soňra türkmen türgenleri 12-22-nji maý aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçriljek IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşarlar. Bu toplumlaýyn ýaryşlaryň maksatnamasyna boksdan başga-da, sportuň 19 görnüşi girýär.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow