08.05 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar.
08.05 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
07.05 2017
Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we bu ýerde işleýän halkara guramalaryň diplomatik işgärleriniň arasynda futbol boýunça 21-nji turnir geçirildi. Onda Türkmenistanyň ilçihanasynyň topary ýeňiji boldy. Jemleýji bäsleşikde biziň watandaşlarymyz Pussiýa Federasiýasynyň diplomatik işgärlerinden örän uly artykmaçlyk — 5:1 hasabynda üstün çykdylar.
07.05 2017
Ozal habar berlişi ýaly, 5-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew galla oragyna taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi. Şu gezekki möwsümde “John Deere W-540” galla orujy kombaýnlar işlediler. Olaryň birinji tapgyry, ýagny 50-ä golaýy Türkmenistana gelip gowuşdy.
07.05 2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babagylyç Esenowiç Gylyjowy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň 2017-nji ýylyň 4-nji maýynda çykaran 9/1 karary tassyklanyldy.
07.05 2017
Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
06.05 2017
ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň Baton-Ruž şäherinde hanmudo söweş sungaty boýunça halkara maslahat geçirildi. Muňa dünýäniň köp ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan bu ugur boýunça ussatlar gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hanmudo söweş sungaty Milli federasiýasynyň başlygy Orif Buharakow Türkmenistana wekilçilik etdi. Ol okuw synagyny üstünlikli geçip, gara guşaga (III dan) mynasyp boldy.
06.05 2017
Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny hatyralamak çäresi boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.
06.05 2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
05.05 2017
Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.
1527 sahypa
Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara