Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen diplomatlary Pekinde geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijileri boldular
Sport
Türkmen diplomatlary Pekinde geçirilen futbol ýaryşynyň ýeňijileri boldular
Çap edildi 07.05.2017
3059

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we bu ýerde işleýän halkara guramalaryň diplomatik işgärleriniň arasynda futbol boýunça 21-nji turnir geçirildi. Onda Türkmenistanyň ilçihanasynyň topary ýeňiji boldy. Jemleýji bäsleşikde biziň watandaşlarymyz Pussiýa Federasiýasynyň diplomatik işgärlerinden örän uly artykmaçlyk — 5:1 hasabynda üstün çykdylar. Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we Bedenterbiýe we sport işleri baradaky baş müdirligiň guramagynda geçirilen bäsleşikler Pekiniň sport uniwersitetiniň toplumynda boldy. Ýaryşlara Germaniýanyň, Italiýanyň, Angliýanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Şwesiýanyň we beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärlerinden düzülen toparlarynyň 16-sy medallar ugrunda bäsleşdiler. Türkmenistanlylar bu gezekki ýeňşini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşladylar. Olar indi şeýle ýaryşlarda 4-nji gezek ýeňiş gazandylar. Munuň özi häzirki zaman türkmen jemgyýetinde, şol sanda ýurdumyzyň diplomatik toparlarynda hem sport hereketiniň ýokary göterilýändiginiň kanunalaýyk netijesidir. Hytaýda her ýylda geçirilýän şeýle bäsleşikler ýurdumyzyň sport ulgamynda ýeten derejesini giňden wagyz etmekde wajyp ugurlaryň biri bolup durýar we ol iki ýurduň iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirýär.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow