18.05
2017
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri — Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň kabul edilen gününi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdirýän ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär, milli bitewüligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýar.
18.05
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine, halkara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryna, möhüm çärelere we iri pudaklaýyn maslahatlara görülýän taýýarlyk işleriniň barşyna seredildi.
18.05
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen gepleşikler geçirer.
18.05
2017
Sizi berkarar döwletimiziň taryhyndaky uly we örän möhüm sene - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllyk şanly baýramy hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
17.05
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynyň “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
17.05
2017
Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän, IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri şu gün grek-rim göreşi boýunça bäsleşiklere girişdiler, olar bäsleşikleriň birinji güni bir bürünç medal aldylar. Boksçylaryň bäsleşiklerinde türgenlerimiz finala çykdy.
17.05
2017
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna özboluşly binagärlik görnüşdäki ýadygärligiň açylyş dabarasy boldy.
17.05
2017
2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýär. “Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir” diýlip, ýurdumyzyň Esasy Kanunynda berkidildi.
17.05
2017
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde sport we döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Bu ýere ozal habar berlişi ýaly, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça goňşy Özbegistanyň dürli sebitlerinden çagalar dynç almaga geldiler.
17.05
2017
Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düzümiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen doganlyk halka sowgat hökmünde gurlan “Dostluk” çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.