Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Beýik Magtymgulynyň ýadygärliginiň hormatyna
Medeniýet
Beýik Magtymgulynyň ýadygärliginiň hormatyna
Çap edildi 17.05.2017
2495

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna özboluşly binagärlik görnüşdäki ýadygärligiň açylyş dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez şygyrlary, onuň ynsanperwer maksatlary we wesýetleri nusgalyk paýhas, belent ruhy-ahlak mekdebi bolup hyzmat edýär. Beýik akyldar şahyryň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan goşgulary, onuň öçmejek ganatly setirleri umumadamzat, şol sanda owgan halkynyň gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýere ýygnananlaryň pikirine görä, şu günki waka iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat eder, olaryň halklary gadymdan gözbaş alýan doganlyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly bolup, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezliginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow