Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Awazada ýaş özbek myhmanlary göwnejaý dynç alýarlar
Jemgyýet
Awazada ýaş özbek myhmanlary göwnejaý dynç alýarlar
Çap edildi 17.05.2017
2024

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde sport we döredijilik bäsleşikleri geçirildi. Bu ýere ozal habar berlişi ýaly, 15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça goňşy Özbegistanyň dürli sebitlerinden çagalar dynç almaga geldiler. Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dynç alýan okuwçylaryň sport senenamasy ýeňil atletika bilen açyldy. Çagalar sagaldyş merkeziniň otrýadlary boýunça düzülen türkmen we özbek ýetginjekler toparlary iki ýüz metrden ybarat bolan dört tapgyrly estafetada ýaryşdylar. Ýetginjekleriň ýaryşynda Özbegistandan gelen myhmanlar ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykdylar. Ylgaw ýodalarynda gyzlaryň arasynda türkmen okuwçylary öňdeligi eýelediler. Olaryň doganlyk ýurtdan bolan deň-duşlary pellehana ikinji we üçünji bolup gelmegi başardylar. Ýeňil atletika boýunça ýaryşlar uzynlygyna bökmek bilen dowam etdi. Bäsleşikleriň bu görnüşinde ýetginjekleriň arasynda özbek çagalary üstünlik gazanyp, birinji we ikinji orunlary eýelediler. Türkmen okuwçylary üçünji orna mynasyp boldular. Bu ýaryşda türkmen gyzlary ýene-de şowly çykyş etdiler, olaryň özbek joralary bolsa üçünji orny eýelediler. Ýaş janköýerler ähli ýeňişlere we üstünliklere el çarpyp, türgenleriň şatlygyny paýlaşdylar. Agşam “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde “Kämillige tarap ýol” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Sahnada ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan zehinli çagalar, şeýle hem olaryň doganlyk Özbegistandan--Garagalpagystandan, Horezm, Buhara we Nowaýy oblastlaryndan bolan täze dostlary täsirli çykyşlaryny görkezdiler. Ýaş zehinleriň çykyşlary balkan toparynyň ýerine ýetirmeginde küştdepdi tansy bilen tamamlandy.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow