01.09 2025

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýunyň umumadamzat ähmiýetli wakalar bilen utgaşýan günlerinde uly dabaralara beslenip bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň, ylaýta-da, çagalaryň we ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

31.08 2025

Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli bähbitlerine laýyklykda, iki döwletiň häzirki hem-de geljekde alyp barjak bilelikdäki işlerine anyk baha bermäge ýardam eder diýip pikir edýärin.

31.08 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

31.08 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

31.08 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

31.08 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

31.08 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

31.08 2025

Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

29.08 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

29.08 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

1509 sahypa
Soňky habarlar
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.08
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
24.08
Parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap
24.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy
23.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
23.08
Resmi habar