Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 01.09.2025
2187

Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýunyň umumadamzat ähmiýetli wakalar bilen utgaşýan günlerinde uly dabaralara beslenip bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň, ylaýta-da, çagalaryň we ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegidir. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünärli, kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Şoňa görä, Siziň baştutanlygyňyzda ajaýyp zamanamyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim almaklary ugrunda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Muny Siziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen sözleriňiz hem aýdyň tassyklaýar. Eziz Diýarymyzyň çar künjeginde çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Ata Watanymyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde, ýetýän belent sepgitlerinde ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlary ertirki gün ýurdumyzy beýgeltjek hem-de gülletjek oglan-gyzlarymyzdyr. Olaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmeti, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň beýik ynsanperwer işleriňiziň beýanydyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Siz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýip bellemek bilen, döwrüň ylymdan paýly ýaşlaryny beýik geljegi gurmaga çagyrýarsyňyz. Internet we sanly tehnologiýalaryň, ylaýta-da, elektron okuw platformalarynyň, onlaýn sapaklaryň, sanly resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy bilim ulgamynyň has-da ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär. Türkmen mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň abraýly halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda bu ulgamyň okgunly ösdürilýändiginiň ýokary görkezijilerine öwrüldi. Siziň baştutanlygyňyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi hem geljekde ylymly, bilimli ýaşlaryň artmagyna, kämil hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam berer.

Hormatly Arkadagly
Gahryman Serdarymyz!

Täze taryhy döwrümizde bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan ynsanperwer ugur boýunça Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, abraýly daşary ýurtlaryň bilim-ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym, bilim, tehnologiýalar babatda ýokary derejä çykmagyna we halkara abraýynyň has-da beýgelmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky aladalaryňyzyň we döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow