12.08 2017
Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda bellenilen Hazar deňziniň güni uly baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Her ýylda geçirilýän bu çäre giň jemgyýetçiligiň arasynda Türkmenistanyň uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen tebigaty goraýyş syýasatynyň wagyz edilmegini, şeýle hem ekologiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň berkdilmegini we giňeldilmegini, ählumumy durnukly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegini ugur edinýär.
12.08 2017
Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-harby bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
12.08 2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
11.08 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp pudakly senagaty sazlaşykly ösdürmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň, şol sanda türkmen dokma önümleriniň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak boýunça wezipeleriň çalt çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistany çig mal iberýän ýurtdan taýýar önümleri köp möçberde öndürýän hem-de daşary ýurtlara iberýän döwlete öwürmek boýunça strategiki maksada ýetmekde bu pudaga aýratyn üns berilýändigini nygtaýar.
11.08 2017
Iri möçberli çäre Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagyna bagyşlandy.
11.08 2017
“Hyundai Engineering” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Bu barada şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet yglan etdi.
11.08 2017
Watanymyzyň dost- doganlyk araçäkleriniň ygtybarly goragyny we mizemezligini üpjün etmekde siziň jogapkärli borjuňyzy hemişe üstünlikl ýerine ýetirjekdigiňize, Watana we harby kasama wepalylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize berk ynanýaryn,--diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet serhet gullugynyň serkerdelerine, harby talyplaryna we şahsy düzümine iberen gutlagynda aýdylýar.
10.08 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
10.08 2017
Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy.
09.08 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar.
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap