15.08
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisini geçirdi. Onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek babatda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
15.08
2017
Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 72-nji mejlisi öz işine başlaýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýermek bilen, ýurdumyzyň öňümizdäki syýasy möwsümiň dowamynda amala aşyrjak we gorajak ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýär.
15.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Murad Aşraf Janjuany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
14.08
2017
Häzirki wagtda boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna belli russiýaly tälimçi, at gazanan sport ussady, Olimpiadanyň, dünýäniň we Ýewropanyň çempiony Aleksandr Borisowiç Lebzýak ýolbaşçylyk edýär. Ol milli ýygyndy toparymyzy üç ýarym aý mundan ozal resmi taýdan türgenleşdirip başlady. Emma, bu gysga döwrüň içinde, onuň tälim berýän şägirtleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, eýýäm ýedi medaly almagy başardylar.
14.08
2017
Ulýanowsk şäherinde (Russiýa Federasiýasy) sportuň milli görnüşleriniň we GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň festiwalynda çykyş eden samboçylarymyz Watanymyza bir kümüş hem-de iki bürünç medal bilen gaýdyp geldiler.
14.08
2017
Ýurdumyzyň ýygyndy topary Eýranda geçirilen kuraş boýunça ýaşlaryň Aziýa çempionatynda çykyş edip, dokuz medala eýe boldy. Aziýa çempionatyna 11 ýurtdan iň gowy türgenleriň 110-sy ýygnandy. Muňa garamazdan, türkmen türgenleri ýokary ussatlyk derejesini görkezip, bir altyn, bir kümüş hem-de ýedi bürünç medala mynasyp boldular.
14.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy düzümlerine we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
14.08
2017
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Medeni mirasy saklamak boýunça ABŞ-nyň ilçi gaznasynyň” bäsleşik esasynda goldaw bermeginde ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri rejeleýjileriniň nobatdaky taslamasynyň jemleýji dabarasy boldy. Şu ýyl bu düzümiň godaw bermeginde bürünç eýýamynyň ýadygärligi bolan Goňurdepede gazuw-agtaryş işleri netijesinde, birnäçe ýyl mundan ozal tapylan ajaýyp bezeg böleklerini abatlamak we ony muzeý gymmatlygy derejesine ýetirmek işleri tamamlandy.
13.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisiýe Aleksandriýa şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
13.08
2017
Şu gün ministrliklerde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirildi, olaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 7 aýynda ýurdumyzyň ösüşüniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde öňde goýlan meselelere garaldy.