21.08 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindä we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny zerarly gynanç hatlaryny iberdi.
20.08 2017
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde raýatlyk, şahsy, hojalyk başlangyçlary üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy bizi gurşap alýan ähli zatlara—goý ol şäheriň we obanyň köçelerindäki tertip we arassaçylyk bolsun, ene topragymyzyň tebigatynyň gözelligi we köpdürlüligi, alada mätäç bolan adamlar we idegsiz haýwanlar bolsun, jogapkärçilikli garamaga çagyrýar, çünki munuň özi asylly we ähmiýetli işleriň başlangyjydyr.
19.08 2017
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK), Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bolsa tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, trikotaž önümleri, nah ýüplük we hojalyk pamygy ýerlenildi.
18.08 2017
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek maksatnamasynyň çäklerinde futzal boýunça ýaryşlara bije atyldy. Türkmenistanyň ýygyndy topary Wýetnamyň, Taýbeýiň (Hytaý), Gonkongyň (Hytaý) we Solomon adalarynyň türgenleri bilen “A” toparda çykyş eder. Bu bäsleşikleriň “Aşgabat 2017” oýunlarynda iň gyzyklylarynyň biri boljakdygyny bellemek gerek.
18.08 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
18.08 2017
Şu ýylyň 13-14-nji oktýabrynda ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň portlarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisi geçiriler.
18.08 2017
Türkmenistanyň ekerançylary şu ýylyň 23-nji awgustynda bugdaý ekişine girişerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde şeýle görkezme berdi.
18.08 2017
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň her bir görnüşi üçin ýer kadastryny taýýarlamak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.
18.08 2017
Aşgabatda türkmen paýtagtynda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi.
18.08 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Felipe VI Barselona şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly, gynanç hatyny iberdi.
1527 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap