Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazarýaka ýurtlarynyň portlarynyň ýolbaşçylary Awazada duşuşarlar
Syýasy habarlar
Hazarýaka ýurtlarynyň portlarynyň ýolbaşçylary Awazada duşuşarlar
Çap edildi 18.08.2017
1399

Şu ýylyň 13-14-nji oktýabrynda ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň portlarynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisi geçiriler. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri duşuşygyň barşynda gämi ýüzüşi, deňiz üsti bilen ýükleri gatnatmak, deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek, Hazaryň portlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, şol sanda önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmagyň hem-de gämilere hyzmat etmek ulgamynda häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu sebitiň portlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. Bilelikdäki bäştaraplaýyn mejlisiň 7-njisi 2015-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunda geçirildi. Şonda nobatdaky duşuşygy Türkmenistanda guramak baradaky çözgüt kabul edildi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow