17.11
2017
Döredijilik forumynyň maksatnamasyny iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň ençemesi emele getirer. Olaryň hatarynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edilmegi, muzeý işiniň hünärmenleri bilen duşuşyk, Rumyniýanyň milli egin-eşikleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, kinofilmleriň görkezilişi hem-de bilelikdäki konsert bilen baglanyşykly çäreler bar.
17.11
2017
Türkmenistan binagärlik taslamalary göçürilmeginden goramagy maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli tabşyryklary berdi.
17.11
2017
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma desgasy gurlar. Ony gurmak üçin geçirlen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Babaýew habar berdi.
17.11
2017
Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda degişli inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümi bolan ýaşaýyş jaý toplumy gurlar .
17.11
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Buýrugy bilen wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy ulgamlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy
17.11
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly ynsanperwer kömegi bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwer kömek hökmünde Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
17.11
2017
Türkmenistanda ykdysady ugurly täze döwürleýin neşir dörediler. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer G. Myradow habar berdi.
16.11
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaşulularyň maslahatynda ýakyn 7 ýyl üçin kabul edilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasyny tanyşdyrmak bilen, döwlet kadalaşdyrylyşynyň tutuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy, ylmy-tehniki täzelikleri ornaşdyrmagy, ýurdumyzyň elektron senagaty pudagyny kemala getirmegi anyk maksatlaryň we wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
16.11
2017
Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Sport – sagdynlygyň we ruhubelentiligiň ýurdy” şygary astynda geçirilýän IX Uniwersiadasynyň we orta mekdepleriň, orta hünär okuw mekdepleriniň, ministrilkleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärleriniň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilýän IX Milli spartakiadasynyň açylyş dabarasy boldy.
16.11
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Tehnologiýa we infrastruktura meseleleri boýunça baş geňeşçisi Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi.