Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabatda talyplaryň arasyndaky nobatdaky Oýunlaryň we Milli spartakiadanyň ilkinji tapgyry badalga aldy
Sport
Aşgabatda talyplaryň arasyndaky nobatdaky Oýunlaryň we Milli spartakiadanyň ilkinji tapgyry badalga aldy
Çap edildi 16.11.2017
3632

Şu gün Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Sport – sagdynlygyň we ruhubelentiligiň ýurdy” şygary astynda geçirilýän IX Uniwersiadasynyň we orta mekdepleriň, orta hünär okuw mekdepleriniň, ministrilkleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärleriniň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilýän IX Milli spartakiadasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä ýokary okuw mekdepleriniň professor – mugallymlary, talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň belli türgenleri gatnaşdylar. Türkmenistanda her ýylda umumymilli derejede geçirilýän sport çäreleri bahra giň gerime eýe bolýar. Munuň özi ýokary netijeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn düzümleýin we durmuş ulgamyna degişli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Şu ýyl geçirilýän Uniwersiada we Spartakiada ähli ýaşdaky sporta höwesekler gatnaşyp bilerler. Onuň çäklerinde sportuň 20-ä golaý görnüşi bar. Olaryň arasynda sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek, küşt, tennis, basketbol, el pökgüsi, erkin göreş, futzal, sambo, grek-rim göreşi, dzýudo, nyşana ok atmak, milli göreş, futbol, 3 х 3 basketbol, badminton, welosport we beýleki görnüşleri bar. “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” şygary astynda geçirilýän IX Uniwersiada we IX Spartakiada üç tapgyrda bolar. Jemleýji ýaryşlar 2018-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriler.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow