12.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewraldaky mejlisinde Mary welaýatyndaky Daňdanakan galasynda alymlaryň tapan täze arheologik tapyndylaryň taryhy ähmiýetini nygtady. Mary şäheriniň günbatarynda ýerleşýän bu orta asyr ýadygärligindäki arheologik tapyndylar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäginde alnyp barylýar.
12.02
2018
“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy, bu neşir giň okyjylar köpçüligine ýurdumyzyň şähergurluşygy ulgamynda täze taslamalary we meýilleri beýan edýär, taslama düzmek, inžener-gurluşyk tehnologiýalary, desgalaryň seýsmiki howpsuzlygy, tebigat dizaýny işleri boýunça meseleleri şöhlelendirýär.
11.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow howa hüjüminden goranyşyň wagtlaýyn okuw meýdançasyna gelip, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de Howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
10.02
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
09.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi.
09.02
2018
Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti dabaranyň jemleýji çäresi boldy.
09.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Onuň esasy maksady ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat- kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmekden hem-de sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybarat bolmalydyr.
09.02
2018
9-njy fewralda geçirilen hökümetiň mejlisinde medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer B. Abdyýewa Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Daňdanakan galasynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan täze tapyndylar barada habar berdi. Mary şäherinden 30 kilometr günbatarda ýerleşýän orta asyrlar döwrüne degişli bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek boýunça işleriň çäklerinde alnyp barylýar.
09.02
2018
Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen halkalaýyn energoulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew hökümetiň mejlisinde habar berdi.
09.02
2018
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen iri edaralary bilen netijeli aragatnaşyklaryň berkidilmegine, bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (UNESKO) bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.