Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy dörediler
Ykdysadyýet
Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy dörediler
Çap edildi 09.02.2018
2082

Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen halkalaýyn energoulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew hökümetiň mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik beketleriniň jemi 13 sanysy işleýär. Sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen halkalaýyn energoulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Şol sanda Ahal we Balkan welaýatlarynyň energoulgamlaryny birleşdirýän 220 kW kuwwaty bolan iki halkaly elektrik geçirijisini we kuwwaty 220 kW bolan elektrik bekedini, şeýle hem Balkanabat şäherinde 500 kW kuwwaty bolan bir halkaly elektrik geçirijisini we kuwwaty 500 kW bolan elektrik bekedini hem-de Daşoguz şäherinde 500 kW we 200 kW kuwwaty bolan elektrik beketlerini hem-de kuwwaty 220 kW bolan olary birleşdirýän elektrik geçirijileri gurmak maksat edinilýär. Şeýle hem Energetika enjamlaryny abatlaýyş hem-de hyzmat ediş merkezini gurmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem bu pudagyň kuwwatyny artdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meselelerine uly üns berjekdigini nygtady. Döwlet energetika syýasaty Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir. Ýokary we has ýokary ölçeglerde işleýän döwrebap elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen energiýa çeşmeleriniň hem-de türkmen energoulgamynyň has amatly iş düzgünini kesgitlemäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi. Şunuň bilen baglylykda halkalaýyn energoulgamyny döretmek maksady bilen elekrik energetika pudagynda amala aşyryljak düzümleýin taslamalaryny ilerletmek boýunça iş depginlerini artdyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz Energetika enjamlaryny abatlaýyş hem-de hyzmat ediş merkezini gurmak baradaky teklibi makullap, hojalygy dolandyrmagyň kämil görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow