Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Eýranyň Medeniýet günleri sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy
Medeniýet
Eýranyň Medeniýet günleri sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy
Çap edildi 09.02.2018
2736

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti dabaranyň jemleýji çäresi boldy. Dostlugyň we döredijiligiň baýramçylygyna öwrülen bu giň gerimli medeni çäre türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge hyzmat etdi. Şu waka mynasybetli Aşgabada goňşy ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň uly wekiliýeti geldi, munuň özi kärdeşleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etdi. Eýran medeniýetiniň günleriniň çäginde geçirilen çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň sungatynyň köpdürlüligi, onuň özboluşly däpleri, degişli ulgamda gazananlary bilen tanyşdyrdy. Sazandalaryň, döredijilik toparynyň, çagalar toparynyň çykyşlary, eýran kinolarynyň görkezilmegi, amaly-haşam sungaty sergisiniň, döredijilik duşuşyklarynyň guralmagy EYR-niň taryhy we şu güni barada düşünjämizi ep-esli artdyrdy. Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen çäräniň çäklerinde guralan sergi goňşy ýurduň amaly-haşam sungatynyň we halk senetleriniň gadymy köklerini, özboluşlylygyny we yzygiderliligini şöhlelendirdi. Bu ýerde demirden, agaçdan, gönden, daşdan ýasalan bezeg önümlerini, zergärçilik şaý-seplerini, gap-gaçlary—guşlaryň we haýwanlaryň şekilleri, edebi eserlerden gahrymanlaryň şekilleri bilen bezelen dürli güldanlary, küýzeleri, mejimeleri synladylar. Şeýle hem milli lybaslar, meşhur eýran matalary, halyçalar, çeper bezelen agaç gapyrjaklary, berçinler görkezildi. Syrçaly hem-de toýundan ýasalan, dürli görnüşdäki we owadan güller salnan serwizlerden, pöwrize daşlaryndan ýasalan önümler ünsüňi özüne çekýär. Mata böleklerinden döredilen suratlar sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Eýranly ussatlaryň işlerinde Eýranyň tebigaty, binagärligi, meşhur ýerleri hem-de dünýä gözellikleri, dürli öwüşginli portretler we durmuş pursatlary öz beýanyny tapdy. Kalligrafiýa pannolary gözelligi boýunça haýran galdyrdy, olaryň ýüzünde dürdäne setirler, şol sanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan ybarat bolan setirler bezedi. Fotosuratlaryň sergisi türkmenistanlylary Eýranyň syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Ýörite diwarlyk bu ýurduň kitap önümlerine bagyşlandy. Bu serginiň aýratynlygy ähli gymmatlyklaryň häzirki döwre degişlidiginden ybarat bolup, olar nesilden-nesle geçirilip gelinýän senediň syrlary esasynda döredilmeginde jemlenýär. Galyberse-de, tälimçilik okuwlary gyzykly bolup, olaryň dowamynda sergä gelenler önümiň üstünde işlemegiň barşyna syn etdiler, isleg bildirenler bolsa bu işe gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldular. Eýranly sazandalaryň we çagalar tans toparynyň çykyşlary hem-de bu ýerde ýaýbaňlandyrylan tagamlaryň sergisi baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy, bu ýere gelenlere bolsa milli tagamlar hödür edildi. Bu ýagdaý şu gün Döwlet gurjak teatrynda hem äşgär duýuldy. Onuň sahnasynda goňşy ýurtdan gelen çagalar toparynyň hem-de paýtagtymyzyň ýaş artistleriniň çykyşlary guraldy. Bu arkalaşyk biziň halklarymyzyň arasyndaky ajaýyp gatnaşyklaryň geljeginiň girewi bolup durýar. Bu gün eýranly wekiliýet üçin Döwlet sirkine baryp görmek çäresi guraldy. Bu ýerde olary türkmen atlylary we sahna ussatlary joşgunly çykyşlary bilen garşyladylar. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda guralan Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy paýtagtymyzyň döredijilik işgärleriniň, jemgyýetçiliginiň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Soňra bolan baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna eýranly we türkmenistanly artistleriň dürli öwüşginli çykyşlary girdi. Olaryň ýerine ýetirmeginde halk we häzirkizaman aýdymlary hem-de sazlary, folklor we tans çykyşlary ýaýbaňlandy. Çykyşlaryň her biri parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine birleşmek pikirini, öçmejek umumadamzat gymmatlyklarynyň dabaralanmagyny alamatlandyrdy.

Soňky habarlar
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalary
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow