14.02
2018
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär.
13.02
2018
Şu gün paýtagtymyzda boks boýunça ýurdumyzyň çempionatynyň ilkinji ýaryşlary geçirildi. Ony Türkmenistanyň Boks Federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilelikde guraýarlar.
13.02
2018
1-0 hasaby bilen tamamlanan duşuşyk Balkan welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köpugurly sport toplumynda geçirildi.
13.02
2018
14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine girişmegine 11 ýyl dolýar.
13.02
2018
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegi ençeme görkezijiler, şol sanda ýokary maýa goýum işjeňligi bilen tassyklanylýar. Bu gün gurluşyk toplumy giň gerimli döwlet maksatnamalaryny—senagatlaşdyrmak, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagy ugur edinýär.
13.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.
12.02
2018
Paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata welaýatlaryň häkimleri, Mejlisiň deputatlary, oba hojalyk toplumynyň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, suw hojalygy pudagynyň işgärleri, oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri gatnaşdylar.
12.02
2018
13-nji fewralda Aşgabatda boks boýunça ýurdumyzyň çempionaty badalga alýar. Türkmenstanyň Boks boýunça federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
12.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak barada “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
12.02
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe AN-148 ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.