23.02
2018
Meniň üçin şu gün bu ýerde bolmak uly hormatdyr diýip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edende aýtdy.
23.02
2018
“Bu gün biz diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin binýady, hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýarys” diýip, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine başlanmagyna bagyşlanan dabarada aýtdy.
23.02
2018
Şu gün TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.
23.02
2018
Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa ýoly bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny köptaraply düzümleri döretmegiň hasabyna artdyrmak arkaly mawy ýangyjy eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda aýtdy.
23.02
2018
Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hemTürkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.
22.02
2018
Mary welaýatynyň merkezinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
22.02
2018
Dubaý şäherinde (BAE) pauerlifting boýunça mümkinçilikleri çäkli türgenleriň arasynda tamamlanan dünýä Kubogy ugrunda ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary bir altyn we iki kümüş medala mynasyp bolup, ýokary derejeli ýaryşlarda iň gowy netijeleriň birini görkezdiler.
22.02
2018
Türkmenistanda Mejlisiň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça saýlaw möwsüminiň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Häzirki wagtda bellige almak dowam edýär we dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlandy.
22.02
2018
Mary welaýatynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň täze desgalarynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň başlanmagy hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylyşy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
22.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri jenap Mobaşar Jawed Akbar bilen duşuşdy. Ol öňümizdäki dabaraly çärelere gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi.