Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hin­dis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Hin­dis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri bilen duşuşdy
Çap edildi 22.02.2018
2168

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler döw­let mi­nist­ri je­nap Mo­ba­şar Ja­wed Ak­bar bi­len du­şuş­dy. Ol öňü­miz­dä­ki da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­mak üçin öz ýur­du­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne ýol­baş­çy­lyk edip, Türk­me­nis­ta­na gel­di. Ýo­ka­ry we­zi­pe­li myh­man türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we äh­li türk­men hal­ky­na Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­nyň mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Je­nap Mo­ba­şar Ja­wed Ak­ba­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Hin­dis­tan­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çiril­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ta hem-de türk­men Li­de­ri­niň pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dyn­da öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler we gol­da­ýar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dost­luk­ly döw­le­tiň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aý­dyp, bi­ziň halk­la­ry­my­zy çuň­ňur ta­ry­hy, ru­hy we me­de­ni kök­le­riň bag­la­nyş­dyr­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Hin­dis­tan ýur­du­my­zyň mö­hüm hyz­mat­da­şy bo­lup­dy we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýar. Hin­dis­tan bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ra aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Biz türk­men-hin­di gat­na­şyk­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris hem-de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, şol san­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de ola­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we iki ýur­duň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek işin­de, şeý­le hem sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar, şol san­da hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ryň mö­hüm or­ny bel­le­nil­di. Söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­my, dok­ma se­na­ga­ty we beý­le­ki bir­nä­çe pu­dak­lar döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň der­wa­ýys ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Söw­da-yk­dy­sa­dy, ylym we teh­no­lo­gi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-hin­di to­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Mun­dan baş­ga-da, dür­li de­re­je­de iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek tej­ri­be­si­ni do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di. Şol du­şu­şyk­lar deň­hu­kuk­ly­lyk hem-de öza­ra bäh­bit­li­lik esa­syn­da gu­ral­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu ugur­da hä­zir­ki wagt­da özü­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­na ga­dam bas­ýan Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak şu tas­la­ma gat­naş­ýan ýurt­la­ryň äh­li­si üçin yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy we TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň Azi­ýa se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­niň dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ma­ly­dy­gy­ny we umu­man, äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­me­li­di­gi­ni hem-de Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­lu­gyň we uzak ­möh­let­li hyz­mat­daş­ly­gyň ha­ky­ky köp­rü­si­ne öw­rül­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Je­nap Mo­ba­şar Ja­wed Ak­bar Hin­dis­ta­nyň Türk­me­nis­ta­nyň ba­şy­ny baş­lan bu mö­hüm ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy­na yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­lap, öz ýur­du­nyň türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň ibe­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi ok­gun­ly ös­ýän hin­di yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne is­leg­le­ri­niň art­ýan­dy­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­li­lik hem-de uzak ­möh­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­ral­ýan türk­men-hin­di hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­läp, ta­rap­la­ryň bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni çalt­laş­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny hem-de şu mak­sat­lar bi­len äh­li çä­re­le­ri gör­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar. Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler bo­ýun­ça döw­let mi­nist­ri ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek me­se­le­si­ne de­gip ge­çip, ýur­du­my­zyň ba­şy­ny baş­lan, de­mir ýol ge­çel­ge­le­ri­ni gur­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­la­ryň, hu­su­san-da, er­tir açyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýan Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy tä­ze de­mir ýo­luň açyl­ma­gy­ny, şeý­le hem tu­tuş se­bi­te uly ösüş ge­tir­ýän hal­ka­ra elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň hem-de op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Mun­dan baş­ga-da, iki hal­kyň ta­ry­hy we me­de­ni kök­le­ri­niň umu­my­ly­ga esas­lan­ýan dost­luk­ly we öza­ra yna­nyş­mak gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da däp bo­lan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň or­ny bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men we hin­di halk­la­ry­nyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek mak­sa­dyn­da yn­san­per­wer ul­gam­da alyş­ma­la­ry mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy hem-de ylym we bi­lim, hä­zir­ki­ za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, sy­ýa­hat­çy­lyk we sport ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi­niň ulu­dy­gy nyg­tal­dy. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler bo­ýun­ça döw­let mi­nist­ri däp bo­lan türk­men-hin­di gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­rap­la­ryň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge me­ýil­li­di­gi­ne da­ýa­nyp, iki dost­luk­ly döw­let­le­riň we halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow