Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler
Çap edildi 22.02.2018
2341

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tä­ze des­ga­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­ma­gy hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açy­ly­şy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di. Iki ýur­duň Döw­let baý­dak­la­ry­nyň öňün­de res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Pa­kis­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň baş­tu­ta­ny­nyň ara­syn­da iki­çäk gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Mil­li Li­de­ri­miz Pa­kis­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň baş­tu­ta­ny­ny türk­men top­ra­gyn­da ka­bul et­mä­ge örän şat­dy­gy­ny aý­dyp, Prem­ýer-mi­nistr Şa­hid Ha­kan Ab­ba­sä Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge hem-de şan­ly wa­ka­lar my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Bu wa­ka­lar se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­läp, ta­rap­la­ryň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ok­gun­ly ösü­şe eýe bo­lan türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy. Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Türk­me­nis­ta­na gel­mä­ge ça­ky­ly­gy, mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, hä­zir­ki dö­wür­de hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lan, däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň uly şah­sy go­şan­dy­ny aý­ra­tyn bel­le­di. Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we be­lent mer­te­be­li myh­man iki ýur­duň öza­ra gat­na­şyk­la­ryň, şol san­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ryň dür­li me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şeý­le hem öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bit we hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry­na ta­rap­la­ryň iki­si hem öza­ra bäh­bit­li döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de mö­hüm ädim, çuň ta­ry­hy kök­le­ri, me­de­ni­ýe­tiň we däp-des­sur­la­ryň umu­my­ly­gy bag­la­nyş­dyr­ýan iki hal­kyň ara­syn­da bar­ha ber­ke­ýän dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ra­ýar. Bu döw­le­tiň hö­kü­me­ti­niň baş­tu­ta­ny­nyň şu ge­zek­ki sa­pa­ry bol­sa iki ýur­duň köp ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge me­ýil­li­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan we Pa­kis­tan bar bo­lan se­riş­de­ler, yk­dy­sa­dy we in­tel­lek­tual kuw­wat­dan has do­ly peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Mu­nuň özi dür­li ul­gam­lar­da bi­le­lik­dä­ki iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, il­kin­ji no­bat­da, TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň hem-de Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek mö­hüm­dir. Ulag-üs­ta­şyr ul­gam hem döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Çün­ki Pa­kis­tan Türk­me­nis­tan üçin Dün­ýä um­ma­ny­na iň gys­ga ýol, Türk­me­nis­tan bol­sa Pa­kis­tan üçin Mer­ke­zi Azi­ýa we GDA döw­let­le­ri­ne der­we­ze bo­lup dur­ýar. Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy ýur­du­my­zyň dur­mu­şa ge­çir­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­na, mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, äh­lu­mu­my ösü­şe we aba­dan­çy­ly­ga ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär we gol­da­ýar. Şol sy­ýa­sa­tyň esa­sy­ny bol­sa oňyn bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri düz­ýär. Pa­kis­tan ta­ra­py­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­nyň tä­ze ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge hem-de hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge de­giş­li tek­lip­le­ri­ni gol­da­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si se­bit we äh­lu­mu­my möç­ber­de dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm şert­le­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2016-njy ýy­lyň mar­tyn­da Pa­kis­ta­na bo­lan res­mi sa­pa­ry döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryn­da mö­hüm tap­gy­ra öw­rül­di. Şol sa­pa­ryň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ys­la­ma­bat­da türk­men-pa­kis­tan hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň en­çe­me­si­ne gol çe­kil­di. Soň­ra gep­le­şik­ler gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de — iki ýur­duň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di­ril­di. Iş­jeň ýag­daý­da ge­çen du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de deň­hu­kuk­ly­lyk we öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ta­rap­lar ozal ga­za­ny­lan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne aý­ra­tyn üns be­rip, uzak ­möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len, türk­men-pa­kis­tan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny anyk­laş­dyr­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prem­ýer-mi­nistr Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si der­wa­ýys hal­ka­ra me­se­le­le­ri, aý­ra­tyn hem pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň we Pa­kis­ta­nyň ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ga­bat gel­ýän­di­gi­ni bel­läp, ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de mun­dan beý­läk-de ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ra taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­la­dy­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra we se­bit sy­ýa­sa­tyn­da Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ab­raý­ly or­nu­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­tap, Pa­kis­ta­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na türk­men döw­le­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­na hor­mat goý­ýan­dy­gy we onuň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýur­du­my­za şu sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­läp, bu iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyň dost­luk­ly we do­gan­lyk türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ryň mi­ze­mez esas­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz öza­ra bäh­bit­li söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ni iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­läp, ýur­du­myz­da ener­ge­ti­ka pu­da­gy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan özü­niň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak bo­ýun­ça iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek işin­de Pa­kis­ta­na mö­hüm stra­te­gi­k hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýar. Prem­ýer-mi­nistr Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si öz ýur­du­nyň Türk­me­nis­tan bi­len ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da gat­na­şyk­la­ra uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Mu­nuň özi Pa­kis­ta­nyň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne is­leg­le­ri­niň art­ýan­dy­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan —Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy ýa­ly mö­hüm äh­mi­ýet­li ener­ge­ti­ka tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça uly öňe­gi­diş­li­giň ga­za­ny­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­ma­gy hem ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­me­giň ýo­lun­da tä­ze ädim bo­lar. Ulag-üs­ta­şyr ul­gam hem hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan we Pa­kis­tan de­giş­li dü­zü­mi ke­ma­la ge­tir­mek bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri äd­ýär­ler. Mu­nuň özi hem Azi­ýa — Ýew­ro­pa ug­ry bo­ýun­ça ulag gat­naw­la­ry, se­bit we se­bi­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de oba ho­ja­ly­gyn­da, ýe­ňil we gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat­da hyz­mat­daş­ly­gyň anyk hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di. Iki­ta­rap­la­ýyn da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy­ny yzy­gi­der­li art­dyr­mak, öza­ra ma­ýa go­ýum­la­ry, iki ýur­duň hu­su­sy işe­wür­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin uly kuw­wa­tyň bar­dy­gy nyg­tal­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, uzak ­möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ýar­dam ed­ýän Hö­kü­me­ta­ra türk­men-pa­kis­tan to­pa­ry­nyň mö­hüm or­ny bel­le­nil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow yn­san­per­wer ul­gam­da gat­na­şyk­lar me­se­le­si­ne ge­çip, Türk­me­nis­tan bi­len Pa­kis­ta­nyň ara­syn­da­ky me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň baý ta­ry­hy­nyň we däp-des­sur­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Ta­rap­lar şu däp­le­re eýe­rip, ylym, bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li ös­dür­ýär­ler. Bi­le­lik­dä­ki yl­my mas­la­hat­la­ry, me­de­ni çä­re­le­ri, ser­gi­le­ri ge­çir­mek­de oňyn tej­ri­be top­la­nyl­dy. Bu çä­re­ler iki hal­kyň me­de­ni­ýet­le­ri­niň öza­ra baý­laş­ma­gy­na we ýa­kyn­laş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si däp bo­lan dost­luk­ly türk­men-pa­kis­tan gat­na­şyk­la­ry­nyň umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler we iki ýur­duň halk­la­ry­na pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di­ler.

Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
top-arrow