22.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Sultan Bin Said Al-Mansury kabul etdi.
22.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, “Uzbekneftegaz” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alişer Sultanowy kabul etdi. Ol Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagy hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
22.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.
22.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça departamentiniň baş direktory Werner Lipagy kabul etdi.
22.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň wise-prezidenti Mansur Muhtary kabul etdi, ol ägirt uly halkara ähmiýetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.
21.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
20.02
2018
Watanymyzyň taryhyna röwşen sahypa bolup giren 2017-nji ýyl köp sanly möhüm wakalara baý boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» kabul edildi. Şol maksatnama laýyklykda, obasenagat önümçiliginde hem hil taýdan okgunly ösüş gazanmaly, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalyk önümleriniň paýyny ep-esli artdyrmaly.
20.02
2018
Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) mümkinçilikleri çäkli türgenleriň arasynda pauerlifting boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlarda türkmenistanly türgen Sergeý Meladze 72 kilograma çenli agram derejede kümüş medala eýe boldy.
20.02
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “СNH Industrial” kompaniýasynyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti boýunça baş ýerine ýetiriji direktory Stefano Pampaloneni kabul etdi.
19.02
2018
Türkmen halkynyň taryhynda we medeniýetinde Beýik Ýüpek ýoly arkaly goýlan mirasa bagyşlanan ýörite makalalar toplumynda Gündogardan Günbatara we yzyna uzan taryhy ýoluň ugrunda ýaň salan kerwensaraýlar we bazarlar barada okyjylarymyza gürrüň berildi.