06.06 2018
Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuar­ty ka­bul et­di.
06.06 2018
6-njy iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlara täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, möhüm oba hojalyk çäresine ak pata berdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bu möhüm çärä girişdiler, 13-nji iýunda bolsa olara Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşular.
06.06 2018
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan başlap, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda alnyp barylýar.
06.06 2018
Şu gün Tagtabazar etrabynda häzirki zaman suw arassalaýjy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, desgany “Aby-Köwser” hojalyk jemgyýeti bina etdi. Bir gije-gündizlik kuwwaty 15 müň kubmetr agyz suwuny arassalamaga deň bolan toplum ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün eder.
06.06 2018
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň ikin­ji mas­la­ha­ty 2018-nji ýy­lyň 9-njy iýu­nyn­da sa­gat 9.00-da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ja­ýyn­da ge­çi­ril­ýär.
05.06 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady.
05.06 2018
Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri! Eziz watandaşlar!
04.06 2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.
04.06 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Ernesto Lagoriodan ynanç hatyny kabul etdi.
04.06 2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Perhat Aýmämmedowiç Kowusow Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
1524 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa