Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýurdumyzyň teatrlarynyň festiwaly - sahna sungatynyň gözden geçirilişi
Medeniýet
Ýurdumyzyň teatrlarynyň festiwaly - sahna sungatynyň gözden geçirilişi
Çap edildi 01.07.2018
2979

Şu gün Türkmenistanyň Baş drama teatrynda ýurdumyzyň teatrlarynyň “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly festiwaly açyldy. Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä gatnaşmak üçin ähli welaýatlardan teatr işgärleri paýtagtymyza bir hepdelik geldiler. Açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda geçirilýän bu festiwal aýratyn ähmiýete eýedir. Soňra paýtagtymyzyň alty teatry we welaýat teatrlarynyň dördüsi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby esasynda goýan sahna oýunlaryndan parçalary görkezdiler. Halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan bu gadymy ýoluň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ýetiren täsirini wagyz etmek pikiri sahna oýunlarynyň ählisiniň many-mazmunyny düzdi. Bu barada döwlet Baştutanymyzyň kitabynda milli taryhymyzyň, gadymy hekaýatlaryň we rowaýatlaryň, ýurdumyzyň häzirki durmuşynyň wakalarynyň mysalynda düýpli gürrüň edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gündogaryň hem-de Günbataryň siwilizasiýalaryny diňe bir söwda we ykdysadyýet babatda däl-de, medeni gatnaşyklarda hem ýakynlaşdyran bu taryhy ýoly gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary türkmen halkynyň ruhy we dünýägaraýşy jemlenen milli mirasymyzy Ýer ýüzünde wagyz etmegi-de göz öňünde tutýar. Çäräniň barşynda halk sazlary, türkmen şahyrlarynyň goşgulary hem-de zamanamyzy wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Mundan başga-da 1 — 7-nji iýul aralygynda paýtagtymyzda görkeziljek sahna oýunlarynyň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Asylly däbe görä, festiwala gabatlanyp, sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty”, “Amul — Hazar arasy”, “Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Gündogar ýyldyzy”, “Kerwenbaşynyň ogly”, “Gürgenç kyssalary”, “Daýahatyn”, “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly”, “Ýüpek rowaýaty”, “Ýüreklere ýollar”, “Söýgi ummanynda küreksiz” atly teatr oýunlary bar. Şu gezekki festiwal milli teatr sungatyna täze öwüşginleri çaýar, ony döwrüň ruhuna kybap gelýän eserler bilen baýlaşdyrar. Bu eserler türkmen halkynyň watançylyk, edermenlik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly belent ruhy-ahlak ýörelgelerini äşgär edip, watandaşlarymyzy ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Soňky habarlar
20.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.11
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
20.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
20.11
GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi
19.11
Milli miras — geçmişiň tejribesini, häzirki döwrüň gazananlaryny we geljege tarap ynamly ädimleri baglanyşdyrýan köpri
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
19.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY
19.11
Awaza — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mekany
top-arrow