06.09
2018
Awstriýanyň paýtagtynda, “Savoyen Vienna” myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa işewürler forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uly wekiliýeti, Awstriýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň, beýleki Ýewropa döwletleriniň iri kompaniýalarynyň ençemesiniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
06.09
2018
Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda aba göreşi boýunça ýaryşlar geçirildi, onda türkmen türgenleri nobatdaky kümüş medala mynasyp boldular. Bu gezek 80 kilograma çenli agram derejede çykyş eden ildeşimiz Işanmyrat Ataýew tapawutlandy.
06.09
2018
Söwda-senagat edarasynda iri pudaklaýyn forum öz işine başlady. Bu ýerde “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat geçirilýär.
06.09
2018
Aşgabat şäher häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramçylygyna, dabaraly çäreleri guramaga, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren degişli wezipelerini çözmäge bagyşlanan maslahat geçirildi.
06.09
2018
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy bilen bilelikde guralan Koreýanyň türkmen paýtagtynda geçirilýän hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda koreý halk tans toparynyň çykyşy boldy.
06.09
2018
Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
05.09
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.
05.09
2018
Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda türkmen türgenleri gazananlarynyň üstüni ýene-de 5 medal bilen artdyrdylar. “Gyrgyz göreşi” boýunça ýaryşlarda türgenlerimize üstünlik ýar boldy.
05.09
2018
Şu gün Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşigi ajaýyp gala-konsert bilen tamamlandy. Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde geçirilýän bu döredijilik bäsleşigi ýurdumyzyň baş baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
05.09
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine görä, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 16-njy sentýabrda girişiler.