10.09
2018
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary bilen geçýän ýylyň şanly wakalarynyň biri «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisine badalga berilmeginiň öň ýanynda ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş ýadygärlik teňňeleri goýberdi.
10.09
2018
Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda çykarylan kitaplaryň dördüsi Russiýa Federasiýasynda 31-nji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen GDA agza ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşigiň abraýly sylaglaryna eýe boldular.
09.09
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy
08.09
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
08.09
2018
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
07.09
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.
07.09
2018
Şu gün paýtagtymyzyň howa menzilinde Pariž — Aşgabat ugry boýunça uly wekiliýet geldi. Olaryň düzüminde “Amul — Hazar 2018” awtorallini bilelikde guraýjy fransuz kompaniýasynyň wekilleri, hatarynda Beýik Britaniýadan, Çehiýa Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan meşhur sürüjiler bolan ýaryşa gatnaşyjylar hem-de bu ýaryşlary beýan etjek žurnalistler — umuman, 117 adam bar.
07.09
2018
Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda sambo boýunça ýaryşlar başlandy, onda türkmenistanly türgenler ýeňiş gazanmagy başardylar. Biziň ýygyndymyz ýene-de üç medala — iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldy.
07.09
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Şamuhammet Seýitliýewiç Nepesowyň üstüne ýüklenildi.
07.09
2018
Allagulyýew Polat Hemraýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.