22.09
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy.
21.09
2018
Her bir taryhy döwürde halkyň, zamananyň ruhuny, gazanylýan üstünlikleri, ýeňişleri doly derejede äşgär edýän mukaddeslik bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri iň gowy arzuw-hyýallary, belent ýörelgeleri özünde jemleýän mukaddeslik bedew at hasaplanylýar. Gadymy ýyl ýazgylary we köp sanly ylmy çeşmeler iň gadymy we dünýä belli atşynaslyk merkeziniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşendigine şaýatlyk edýär.
21.09
2018
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
21.09
2018
Şu gün Mukamlar köşgünde hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-okuw merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary boldy. Olara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, ylmyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
21.09
2018
Şu gün Kaka etrabynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy.
21.09
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan Gutlaglaryny ýollady.
21.09
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Nguen Fu Çonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Çan Daý Kuangyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
20.09
2018
Türkmenistanyň sährasynda geçirilen awtomobil ýaryşy uly gyzyklanma döretdi. Şu günler iri metbugat we halkara mediýa neşirlerinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň jemleri hem-de netijeleri hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär.
20.09
2018
Türkmen wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV Hazar mediaforumynda Hazar redaksiýasynyň iş maslahatyny (Hazarýaka ýurtlarynyň žurnalistleriniň resmi däl birleşiginiň) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek barada teklip öňe sürüldi. Foruma gatnaşyjylaryň köpüsi bu ýerde bolup görmek islegini beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada diňe bir dynç almak üçin däl, eýsem, halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin hem ajaýyp şertler döredildi.
19.09
2018
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Däp boýunça Söwda-senagat edarasy tarapyndan Watanymyzyň baş baýramynyň öň ýanynda guralýan nobatdaky ykdysady gözden geçiriliş öz ösüşiniň esasy ýoluna düşen milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.