Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 22.09.2018
1711

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Latwiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, aşa gyzdyrylan nebit koksuny, dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Russiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny bolsa polipropilen düzdi. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, BAE, Türkiýe, Ermenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 185 million 275 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Şotlandiýadan we Türkiýeden gelen işewürler umumy bahasy 5 million 591 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow