12.10
2018
Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň iş görnüşlerini giňeltmek we içerki bazaryň balyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
12.10
2018
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryny maýa goýumlary bilen maliýeleşdirmegiň täsiri” atly okuw maslahaty geçirildi. Ony Durnukly ösüşiň maksatlarynyň biraýlygynyň çäginde Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilelikde gurady.
11.10
2018
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.
11.10
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen estetiki bejeriş hyzmatlaryny etmek we Aşgabat şäherinde awtoulaglary saklamak boýunça üpjünçilik ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.10
2018
Paýtagtymyzda nobatdaky Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2018” atly ХI halkara sergisi we maslahaty açyldy, ony ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda-senagat edarasy guradylar.
10.10
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesine baryp gördi.
10.10
2018
Sizi Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän maslahatda aragatnaşygyň halkara ulgamyna goşulyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapjakdygyňyza, bu ugurda özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlejekdigiňize berk ynanýaryn.
09.10
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
09.10
2018
Şu gün “Arçabil” myhmanhanasynda “Uniwersitetlerde we ylmy-barlag institutlarynda intellektual eýeçilik syýasaty” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (BIEG) tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet intellektual eýeçilik gullugy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
09.10
2018
Şu gün paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda Aragatnaşyk boýunça Sebit Arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji bilelikdäki mejlisi hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi öz işine başlady.