Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda
Çap edildi 12.10.2018
1629

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň iş görnüşlerini giňeltmek we içerki bazaryň balyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini Türkmenistanyň Senagat ministrligine birleşdirmeli. 2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Senagat ministrligi: 1) üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň garamagyndaky kärhanalary olaryň pudagara algy-bergileri we bank karzlary bilen olaryň işiniň esasy ugurlarynyň we iş ýerleriniň saklanylyp galynmagy şertinde şu Permana goşunda laýyklykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmaly; 2) şu bölegiň 1-nji bendine laýyklykda hususylaşdyrylýan kärhanalaryň hasabyndaky durmuş maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň degişlilikde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň hasabyna kanunçylyga laýyklykda berilmegini üpjün etmeli. 4. Şu Permanyň üçünji bölegine laýyklykda hususylaşdyrylýan kärhanalary satyn alyjylara olara hyzmat edýän banklar satyn alynýan kärhanalaryň bahalaryny tölemek we geljekde olaryň önümçiliklerini döwrebaplaşdyrmak üçin zerurlyga görä, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdeleriniň hasabyna ýyllyk 1 göterim bilen 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete karz bermeli. 5. Şu Permanyň üçünji bölegine laýyklykda kärhanalary hususylaşdyrmakdan alnan serişdeleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň býujetden daşary hasabynyň üsti bilen üýtgedilip guralan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň pudagara bergilerini we bank karzlaryny üzmek üçin gönükdirmeli we olaryň artan bölegini Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmeli. 6. Türkmenistanyň Senagat ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabry.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow