28.10
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýram –Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hem-de türk halkyna ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
28.10
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Fu Çongy Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
28.10
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdalla II ýurtda bolup geçen, adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady. Bu heläkçilikde çagalaryň gurban bolmagy has hem gynançlydyr.
27.10
2018
Paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Bu çäre türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgesine, ýurdumyzda işjeň ösdürilýän, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk edýän bedenterbiýe-sport hereketine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
27.10
2018
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň pagtaçylary uly zähmet üstünligini gazandylar, olar şu gün Watan harmanyna pagtanyň 21 müň 200 tonnadan gowragyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler.
27.10
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
27.10
2018
Aşgabadyň “Altyn asyr” topary türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Kubogynyň finalynda çykyş edip, täze sahypa açdy.
26.10
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, mejlisde Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içerki syýasatynyň meselelerine garaldy.
26.10
2018
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden ybarat uly topar Täjigistanyň paýtagtyna geldi.
26.10
2018
Paýtagtymyzdaky Gurtly ýaşaýyş toplumynda häzirki zaman binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.