Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Durmuş maksatly nobatdaky binalaryň düýbi tutuldy
Jemgyýet
Durmuş maksatly nobatdaky binalaryň düýbi tutuldy
Çap edildi 26.10.2018
1716

Paýtagtymyzdaky Gurtly ýaşaýyş toplumynda häzirki zaman binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu taslamada 3064 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlaryny, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebi, 160 orunlyk çagalar bagyny hem-de döwrebap söwda-dynç alyş merkezini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu taslama ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňelýändigi hem-de onuň ýaşaýjylarynyň sanynyň artýandygy hasaba alnyp işlenip düzüldi. Aşgabadyň barha giňeýän bu künjeginde häzirki zaman ýol-ulag ulgamy, inženerçilik kommunikasiýa düzümleri kemala gelýär, bularyň ählisi ýaşaýjylar üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy sazlaşykly ösdürmek, şäher gurşawyny abadanlaşdyrmak, onuň düzümlerini, jemagat hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek meseleleriniň çözgüdine ýokary talap bildirýär. Hormatly Prezidentimiz durmuş ugra aýratyn ünsi çekmek bilen ýaşaýyş jaý gurluşygyny hem öz içine alýan paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde adam hakdaky aladanyň öňde goýulmalydygyny, adamlaryň amatly ýaşamagy we dynç almagy, netijeli zähmet çekmegi üçin şertleriň üpjün edilmegini üýtgewsiz talap hökmünde nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça her bir iş saparynda möhüm gurluşyk desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň ygtybarly işledilmegi, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli oýlanyşykly we düýpli maslahatlary taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar hem-de bezegçiler üçin hereket etmegiň ýol görkezijisi bolup durýar. Gurtly ýaşaýyş toplumynyň binalary binýatlarynyň, üçekleriniň, diwarlarynyň oňyn çözgütleriniň esasynda taslamalaşdyrylandyr, olar timarlananda iň häzirki zaman ýokary hilli gurluşyk serişdeleri peýdalanylýar. Toplumyň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylar. Binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, täze toplumyň ýanaşyk ýerleriniň bagy-bossanlyga öwrülmegine uly üns berilýär. Şäher ýaşaýjylary üçin iň amatly ekologiýa gurşawyny döretmek wezipesini döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtyny ösdürmegiň esasy şerti hökmünde öňe sürýär. Ýurdumyzyň telekeçileri giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň, şeýle hem welaýatlary özgertmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Hususy gurluşyk kärhanalaryna türkmen paýtagtynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň uly möçberleri ynanyldy. Olar kaşaň edara binalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň, iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň taslamasy düzülende hem-de gurluşygynda dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk tehnologiýalaryny peýdalanýarlar. Bu desgalar ähli zerur düzümler bilen üpjün edilýär. Dabara paýtagtymyzyň häkimliginiň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oňyn durmuş syýasaty, abadan ýurtda ýaşamak bagty üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow