Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, onuň çäklerinde meýilleşdirilýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly çäreleriň möhümdigini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň ähli halkyna Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek mowzuklaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ähli möhüm ugurlary, şol sanda gender syýasatyny hem öz içine alýandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlara gönükdirilendigini aýdyň subut etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.