Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara tagallalara 80 ýyl
Syýasy habarlar
Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara tagallalara 80 ýyl
Çap edildi 23.10.2025
77

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda milli mirasymyza, ýurdumyz bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryna bagyşlanan sergi gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyz yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär, Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny has-da artdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýäniň ähli garaşsyz ýurtlaryny birleşdirýän abraýly halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Şol döwürden bäri bu sene BMG-niň döredilen güni hökmünde bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen döredilen halkara guramadyr. Guramanyň Tertipnamasynda bellenilen maksatlar, esasan, adamzada howp salýan wehimleriň öňüni almakdan we oňa garşy göreşde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekden, ýüze çykýan dawa-jenjelleri parahatçylykly ýol bilen çözmekden, halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary has-da berkitmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda BMG-niň düzümine 193 döwlet girýär. Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan wagtyndan bäri bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu abraýly guramanyň işjeň agzasydyr. Häzirki wagtda BMG-niň esasy edaralaryna Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Geňeş, Halkara Kazyýet, Sekretariat degişlidir. Şeýle-de guramanyň ýöriteleşdirilen edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Halkara pul gaznasy we başgalar girýär.

Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki wagtda bu sene Halkara Bitaraplyk güni hökmünde halkara derejede giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy esasynda ýurdumyzyň bu iri halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy strategik derejede yzygiderli ösdürilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň yzygiderli ösüşi bu derejämiziň BMG-niň esas goýujy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut etdi hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň umumy gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä döwletleriniň biragyzdan goldamagynda BMG-niň ýörite Kararnamalary esasynda yzygiderli berkidilýär. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bular barada giňişleýin durup geçdiler.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny baýram edýär. Çykyş edenler bu şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler. Şanly seneleriň hormatyna şu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmenistan ýylyň başynda bu şanly seneleri giňden dabaralandyrmak we dünýäde parahatçylygy goldamak, durnukly ösüşe ýardam bermek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzyň hem-de BMG-niň halkara tagallalaryny sazlaşykly utgaşdyrmak maksady bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny kabul etdi. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üçünji gezek ykrar edildi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň hukuk derejesini üýtgewsiz goldaýandygynyň, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda netijeli gural hökmünde bitaraplygyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky nyşany boldy.

Awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dünýäniň 104 döwletinden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetleriň gatnaşmagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Onuň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Ol 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminama bolup, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýär. Bu resminama bilelikdäki tagallalar üçin anyk ugurlary görkezip, DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan düzümleýin meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekýär. Bu resminamanyň möhüm halkara ähmiýete eýedigini ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem aýdyň görkezýär.

Mundan başga-da, maslahatyň geçirilýän günlerine gabatlanyp, ýagny 6-njy awgust «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edildi. Munuň özi Awazada geçirilen maslahatyň möhüm taryhy wakalara baý bolandygyny ýene-de bir gezek aýdyň beýan edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden bu Kararnamasy ähli döwletlere — Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna we synçylaryna, BMG-niň ulgamynyň edaralaryna hem-de beýleki halkara we sebit guramalaryna bu halkara güni, gyzyklanma bildirýän beýleki taraplar, raýat jemgyýeti, hökümete degişli bolmadyk we maliýe düzümleri, hususy pudak, ýerli häkimiýet edaralary bilen bilelikde, bar bolan meseleler barada habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek arkaly bellemäge çagyrýar. 2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forum bolsa ýylyň esasy wakasy bolar. Türkmenistan bu halkara çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge giňden taýýarlyk görýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan täze başlangyçlary öňe sürdi. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen gymmatlyklara we köpugurly hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de ygrarlydygyny görkezen möhüm waka boldy. Maslahata gatnaşyjylar şol başlangyçlaryň ýokary halkara ähmiýete eýedigini bellediler. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly aýratyn bendi girizmek, Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini, “Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi” atly halkara forumy, Hazar ekologiýa forumyny geçirmek, Halkara araçylyk gününi, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny”, Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi, 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky we beýleki başlangyçlary görkezmek bolar.

Uzak ýyllaryň dowamynda bu abraýly halkara guramanyň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de wekilhanalary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek we utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermegi esasynda, 2024-nji ýylyň martynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen taslamalar barada hem giňişleýin durup geçdiler. Bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga özara gyzyklanma, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösüşiniň bähbidine kesgitlenen ähli maksatlary we wezipeleri üstünlikli çözmek üçin täsirli itergi bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlygyň ösüşine BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hem uly goşant goşýar.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde strategik hyzmatdaşlyga taraplaryň ygrarlydygyny tassyklaýar. Bu maksatnama her bir adama deň mümkinçilikleri we bähbitleri göz öňünde tutýan geljegi döretmäge umumy tagallalary birleşdirýär. Bellenilişi ýaly, 2021 — 2025-nji ýyllary öz içine alýan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylan netijeler we üstünlikler barada gollanmalar çap ediler. BMG-niň döredilmeginiň şanly senesi Türkmenistanda dürli çäreleriň geçirilmegi bilen dabaralandyrylýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň 80 ýyllygy mynasybetli fotosergini, simfoniki konserti, parahatçylygy, bitewüligi we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen ylgaw ýaryşlaryny görkezmek bolar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we BMG-niň hyzmatdaşlygy saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryndan başlap, döwlet dolandyryşyny sanlylaşdyrmaga we daşky gurşawyň durnuklylygyna çenli ugurlarda baý mazmunly taryha eýedir. Şunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy milli garaýyşlary, ählumumy Gün tertibi — Durnukly ösüş maksatlary hem-de guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň maksatnamalary bilen ylalaşmak üçin esasy gural bolmagynda galýar.

Geçen döwürde Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Bellenilişi ýaly, daşky gurşawy aýawly saklamak ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan talaplaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär we Türkmenistan bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Sirkulýar ykdysadyýete geçmek, ilaty durmuş taýdan goramak babatda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen durmuşa geçirilýän işler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Guramanyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sanly özgertmeler arkaly söwdany, ykdysady ösüşi we sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşydygyny belledi. Guramanyň öňe sürýän ýurt boýunça täze maksatnamasy has netijeli we jogapkärli düzümleri, adamlar üçin deň mümkinçilikleri döretmekde innowasiýalary we tehnologiýalaryň mundan beýläk-de işjeň ulanylmagyny goldamagy maksat edinýär.

BMG bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegini bermek işini berkitmek, immunizasiýa, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, eneligi we çagalygy goramak, saglygy goraýyş ulgamyny sanlylaşdyrmak, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy güýçlendirmek ýaly ugurlarda has-da ösdürilýär.

Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary aradan aýyrmakda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Toplumlaýyn häsiýete eýe bolan bu işlerde BSGG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Guramanyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň belleýşi ýaly, saglyk bu diňe bir keselleriň ýoklugy bolman, eýsem, durnukly ösüşiň we abadançylygyň hem möhüm binýadydyr. Ilatyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi bolanda, tutuş ykdysadyýet, jemgyýet we döwlet kuwwatly bitewülige öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, Awaza syýasy Jarnamasynyň durnukly ösüşi, saglygy we sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek ýaly ileri tutýan garaýyşlarynyň Türkmenistanyň milli maksatlary bilen doly laýyk gelýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň işjeň halkara gatnaşyklary, olaryň ählumumy, sebit, ýurtlar boýunça strategiýalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň goşulýandyklary «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu işde BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy ýaly düzümleri hem biziň ygtybarly hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlarymyzdyr. BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahatda ýurdumyzyň ilatyň saglygy we abadançylygy ugrunda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygy aýratyn bellenildi.

Ylym-bilim ulgamy hem BMG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir. Çagalaryň saglygyny goramak, olaryň kadaly iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we ýokary hilli inklýuziw bilim almagy ýaly wezipeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanda çagalary goramagyň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» çäklerinde bilelikdäki işleriň ulgamlaýyn esasda alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Maslahatda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilen işler we ony mundan beýläk-de ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada giňişleýin durlup geçildi. Şunda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerindäki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary boýunça tagallalaryň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirildi. Çykyş edenler 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdiler. Maslahata gatnaşyjylar abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi.

Maslahatyň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara tagallalara 80 ýyl
23.10
Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
22.10
Türkmenistanyň Prezidenti «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
22.10
Halkara nebitgaz forumy: innowasiýalar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri
22.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
21.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň saýlanylan Premýer-ministrini gutlady
top-arrow