Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany
Jemgyýet
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany
Çap edildi 24.10.2025
554

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda çap edilen makalalar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň üçünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynda bolup geçen esasy wakalar bilen giň okyjylar köpçüligini tanyşdyrýar.

Žurnal türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-17-nji iýulda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparyna bagyşlanan makala bilen açylýar. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bolan duşuşygynda Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň tagallalary netijesinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýandygyny, ýokary depginler bilen ösýändigini hem-de birek-birege hormat goýmaga, açyklyga esaslanýandygyny nygtady. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysy Sahiba Gafarowa, Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşyklary geçirdi hem-de saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Bir deňziň iki kenary arkaly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilişi barada žurnalda çap edilen “Umumy mirasa daýanyp: Azerbaýjan — Türkmenistan gatnaşyklarynyň ösüşi” atly makalada giňişleýin durlup geçilýär.

Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde Hazaryň türkmen kenary şu ýyl ýokary derejeli duşuşyklaryň, halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, žurnalyň sahypalarynda 22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammite bagyşlanyp aýratyn makala çap edilýär. Mälim bolşy ýaly, bu duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirildi. Onuň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Neşirde dünýäniň syýasy durmuşynda diňe şu ýylyň däl, eýsem, onýyllygyň möhüm wakasyna öwrülen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen toplumlaýyn çäreler hem giňişleýin beýanyny tapýar. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 100-den gowrak döwletden ýokary derejeli ýolbaşçylar, 50-ä golaý halkara guramadan, 20-den gowrak iri kompaniýadan hem-de 40 töweregi ýurtdan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyza geldiler. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahatyň birinji umumy mejlisinde çykyş edip, ählumumy durnukly ösüşiň we DÇBÖBD-niň bähbitlerine gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlary öňe sürdi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň foruma gatnaşmaga gelen ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen ikiçäk duşuşyklary geçirildi.

Maslahat DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine çuň düşünmäge we bu döwletleriň durnukly ösüşi üçin innowasion we amaly çözgütleri tapmakda halkara bileleşigiň mümkinçiliklerini herekete getirmäge täze itergi berdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň “Awazadan hereketlere: Hyzmatdaşlyk arkaly DÇBÖBD üçin onýyllygyň mümkinçiliklerini kemala getirmek”, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Prettonyň “Ählisi bize bagly: Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlardan guryýer arkaly baglanyşan kuwwatly söwda merkezlerine tarap”, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Roland Mollerusuň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge innowasion çemeleşme” atly makalalarynda giňişleýin söhbet edilýär.

Sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginiň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardyr. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden öňe süren başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti žurnalda çap edilen “Türkmenistan — Milletler Bileleşigi: parahatçylyk we ösüş üçin diplomatiýanyň ynamly ädimi” atly makalada giňişleýin beýan edilýär.

Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy köpýyllyk asylly däbe öwrüldi. Munuň özi hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow guramanyň Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirilen nobatdaky sammitinde aýtdy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň dowamynda Pekin şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşyklary geçirdi hem-de bu ýerde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Žurnalda okyjylaryň ünsi çekilýän “Türkmenistan — ŞHG: köpugurly strategik hyzmatdaşlyk ugry” atly makala bu saparyň ähmiýetine bagyşlanýar.

Okyjylaryň dykgatyna ýetirilýän “Türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri” atly makalada ýurdumyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen halkara hukuk derejesiniň ösüş taryhy, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ählumumy dialogyň we hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde” atly makalada bolsa bu geçen döwürde gazanylan üstünlikler barada söhbet edilýär. Žurnalyň sahypalarynda dostlukly ýurtlar, şol sanda Pakistan we Horwatiýa bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada diplomatik işgärleriň garaýyşlaryny özünde jemleýän makalalar hem ýerleşdirilipdir. Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň arabaglanyşygynyň täze ugurlaryna bagyşlanan makalada Owganystanda durmuşa geçirilýän infrastruktura taslamalarynyň ähmiýeti beýan edilýär. Neşirde milli we umumadamzat gymmatlyklaryny diplomatik protokolyň mazmunynda özara utgaşdyrmak, eýeçilik hukugyny durmuşa geçirmekde milli kanunçylygy we halkara hukuk kadalaryny utgaşdyrmak ýaly meselelere hem üns çekilýär.

Umuman, žurnalda çap edilen makalalar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn ugry nazarlaýandygyny aýdyň beýan edýär. Türkmenistan sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş etmek bilen, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine döwletler we halkara guramalar bilen netijeli dialogy işjeň ilerledýär.

Žurnalyň nobatdaky sany “Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly bölüm bilen jemlenýär. Bu bölümde 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginiň wakalary, geçirilen dürli derejedäki duşuşyklar, gepleşikler, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, hökümetara toparlaryň mejlisleri we beýlekiler gysgaça syn bermek arkaly beýan edilýär.

Soňky habarlar
29.10
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
28.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
28.10
Ruhy we aň-paýhas kuwwaty artdyrmak — jemgyýetiň hem-de döwletiň ösüşiniň möhüm şerti
28.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
27.10
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli dialog arkaly tagallalar işjeňleşdirilýär
27.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy bellenildi
26.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow