01.02
2019
Magtymguly Baýramdurdyýewi Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellemeli.
01.02
2019
Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemeli.
01.02
2019
Guwanç Halberdiýewiç Nurmuhammedowy Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory wezipesine bellemeli.
01.02
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewe Senagat we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik etmek tabşyryldy.
31.01
2019
Şu gün Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
31.01
2019
Şu günler Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen ÝB-niň dürli düzümleriniň uly wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirilýär.
31.01
2019
Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ћurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Neşir döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek baradaky maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda dürli durmuş we önümçilik maksatly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly makala bilen açylýar.
31.01
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Döwletmyrat Nurberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.
30.01
2019
Ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, milli Liderimiziň 29-njy ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet düzümlerini özgertmek boýunça öňe süren wezipelerine bagyşlanan ýygnak geçdi.
30.01
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy wezipesine Azat Silapowiç Atamyradowy saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.