Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 31.01.2019
1513

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Döwletmyrat Nurberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Muhammetmyradowiç Muhammetmyradow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenilip, ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwanç Welinazarowiç Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezow başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Murad Agamuradowiç Gurbandurdyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Agamurad Baýramgeldiýewiç Haýytmuradowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow