Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Milli senagatyň ösüşi — täze neşiriň sahypalarynda
Ykdysadyýet
Milli senagatyň ösüşi — täze neşiriň sahypalarynda
Çap edildi 31.01.2019
1391

Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ћurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Neşir döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek baradaky maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda dürli durmuş we önümçilik maksatly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly makala bilen açylýar. Makalalaryň birnäçesi ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň işine bagyşlanýar. «Binalar daşdan başlanýar» atly makalada «Türkmendaşlary» önümçilik birleşiginde ýerine ýetirilýän giň möçberli işler, onuň düzümleýin bölümleri bolan alty karýer müdirlikleri we karýer hojalyklary barada gürrüň berilýär. Halkara ülňülere laýyk gelýän sement çykarýan «Lebap» zawodynyň eksport mümkinçilikleri baradaky makalada häzirki döwürde diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda bu önüme bolan islegiň artýandygy barada aýdylýar. Kärhananyň önümleri halkara sergilerde we forumlarda daşary ýurtly hünärmenleriň we bilermenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzda kükürt kislotasyny öndürýän we oba hojalyk pudagyny fosfor dökünleri bilen üpjün edýän Türkmenabadyň himiýa kärhanasynyň işi barada söz açýan makalada bu baradaky gürrüň dowam etdirilýär. Zawodyň ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna kükürt kislotasyna barabardyr. Şeýlelikde, onuň eksport ugurlary göz öňünde tutulýar. Munuň üçin bu ýerde ýörite wagon çelekleri bar. Şeýle hem neşirde «Türkmen aýna önümleri» zawodynda polimer önümlerini, gurluşyk serişdelerini, elektrik enjamlaryny, dürli görnüşli aýna önümlerini çykarýan önümçilikleriň işi barada makala ýerleşdirilipdir. Žurnalyň bu sanynyň ýene-de bir mowzugy dokma pudagynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, makalalaryň birnäçesi milli ykdysadyýetimiziň bu strategik taýdan möhüm ulgamyndaky daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalara bagyşlanýar. Žurnalda, hususan-da, Tejeniň pagta egirme kärhanasynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada gürrüň berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda dokma senagatyna aýratyn orun berýär. Aşgabadyň ýüpek fabrigi baradaky makalada pudagyň köpden bäri işleýän bu kärhanasynyň eksport kuwwaty bellenilýär. Kärhananyň durky täzelenileninden soň, ol döwrebap önümçilikleriň birine öwrüldi. Makalada häzirki döwürde türkmen ýüpeginiň bäsdeşlige ukyply önüm hökmünde dünýä bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrýandygy nygtalýar. «Jins önümleri örüsini giňeldýär» atly makalada Türkmenbaşy jins toplumy barada gürrüň berilýär. Aşgabadyň panbarhat öndürýän fabrigi baradaky makalanyň awtory arassa ýüpekden matanyň bu görnüşini taýýarlamagyň tehnologiýasyny şöhlelendirýär. Kärhananyň önümleri içerki bazarda hem-de daşary ýurtlarda alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. Ajaýyp suratlar okyjylara türkmen modaçylarynyň täze önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Makalalaryň birinde bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik boýunça döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň «Modeller öýünde» 23 müň sany örülen önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Içerki bazarda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak meýilleşdirilýär. Neşirde dokma senagatynyň ýeten derejesine, geljekki ösüşine we täzeçil önümlere bagyşlanan halkara gözden geçirişler barada umumy maglumat berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini bütin dünýäde wagyz etmek bilen baglylykda, şol çäreleriň geçirilmegine uly üns berýär. Žurnalyň täze sany pudagyň hünärmenleri hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolar.

Soňky habarlar
16.11
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
16.11
Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşýar
16.11
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen bardy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
15.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşygy
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow