18.02
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
18.02
2019
Garly-buzly ýollarda ýaryşmak boýunça dünýä Kubogynyň birinji tapgyrynyň hormat münberini eýelediler
«Nissan Patrol» kysymyndaky awtoulaglaryň T2 görnüşiniň sürüjileriniň türkmen topary Kareliýada (Russiýa Federasiýasy) 14 — 17-nji fewralda geçen «Russiýa-Demirgazyk tokaýy — 2019» atly garly-buzly ýollar boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň birinji tapgyryna gatnaşdylar.
18.02
2019
17-nji fewralda Özbegistanyň Daşkent şäherinde tamamlanan ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medal gazandy.
18.02
2019
Sizi «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
17.02
2019
Şu gün Döwlet sirkinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Galkynyş» toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan ajaýyp bedewi sowgat bermek dabarasy boldy.
17.02
2019
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
16.02
2019
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.
16.02
2019
Şu gün «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu ýerde geçirilen täsirli şüweleňde Sahaliniň häzirki zaman ýerine ýetirijileri, özboluşly halk döredijilik toparlary, zehinli ýaş aýdymçylar çykyş etdiler. Göwünleri galkyndyran owadan feýerwerk baýramçylygyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.
16.02
2019
Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär — 31-nji martda ýurdumyzda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Olar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy hem-de ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna päk ýürekli zähmeti bilen watandaşlarynyň hormatyna we ynamyna eýe bolan halkyň mynasyp hem-de abraýly wekillerini saýlamagy maksat edinýär.
15.02
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.