15.02
2019
Türkmenistanyň figuralaýyn typýan türgenleriniň «Aziýanyň çagalary» oýunlarynda gazanan üstünlikleri
Russiýa Federasiýasynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlary dowam edýär. Şu gün «Kristal» sport köşgünde figuralaýyn typmak boýunça ýekelikde erkin maksatnama boýunça ýaryşlar geçirildi.
15.02
2019
Şu gün welaýatyň Kaka etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan döwrebap suw arassalaýjy toplumyň açylyş dabarasy boldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Garahan şäherçesinde umumybilim berýän mekdebiň düýbi tutuldy.
15.02
2019
Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň mejlisi geçirildi.
15.02
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda telekeçiligiň ösdürilmegi, maýa goýumlarynyň çekilmegi hem-de netijeli durmuş maksatly bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin giň şertleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwlet bilen hususy ulgamyň hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
14.02
2019
Şu gün paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ýokarda agzalan guramalaryň we degişli düzümleriň ýolbaşçylary çagyryldy.
14.02
2019
Men şu gün siziň bilen ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy, şeýle hem halkara derejede öňe süren başlangyçlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmegiň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamak bilen gönüden-göni bagly wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy makul bildim.
14.02
2019
2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere täze itergi berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde möhüm tapgyr boldy.
13.02
2019
Geçen 2018-nji ýyl ulag we aragatnaşyk düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň ýyly hökmünde Watanymyzyň ýylýazgysyna girdi. Bu strategiki taýdan möhüm ulgamda geçirilýän işler dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
13.02
2019
Şu gün GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürler maslahaty açyldy, oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti iberildi.
13.02
2019
Russiýa Federasiýasynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara sport oýunlary dowam edýär. Medallar ugrundaky bäsleşiklere figuralaýyn typýan gyzlar hem girişdiler.